Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Gündəm, Mədəniyyət > Ýaş nakgaşlaryň döredijiligi: nusgawylykdan ekletika çenli
Ýaş nakgaşlaryň döredijiligi: nusgawylykdan ekletika çenli |
Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda şu ýokary okuw mekdebini golaýda tamamlan ýaş nakgaşlaryň altysynyň işleriniň sergisi açyldy. Olaryň sungat ýolunyň kemala gelşi barada gürrüň berýän işler diňe bir mugallymlardyr talyplary däl, eýsem sergä gelen ençeme adamy gyzyklandyrdy. Çingiz Töräýewiň ýaz paslyna bagyşlanan «Bahar» atly suratynda gül-pürçek miweli daragtyň ýanynda duran bäbege garaşýan ýaş ene şekillendirilipdir. Ak-gülgüne güllere kybap geýnen gelin däne çokup ýören jüýjelerdir mäkä ýylgyryp bakýar. Ýordumyň manyly her bölejigi gurluş sazlaşygyna eýerýär. Daşoguzly nakgaş Çingiz Töräýewiň sergä hödürlän 28 işiniň aglabasy zenan portretleridir. Olardan «Selfi», «Garaşmak», «Gelnimiň portreti«, «Maral», «Aýnadaky şekil» suratlary has täsirli çykypdyr. Mysal üçin, «Gelnimiň portreti» işinde nakgaş egni norka ýapynjaly gözleri nurly, näzik, owadan ýaş zenanyň keşbini takyk bermegi başarypdyr. Adybir eseriň gahrymany Maral tomaşaçylary özüne maýyl edýär, çünki gyzjagazyň elindäki pişigiň gözleri edil janly ýaly bolup görünýär. Bol miweli üzüm daragtynyň gür ýapraklarynyň arasyny böwsüp geçýän dürpisint Gün şöhleleri ýordumy depginli we göwrümli görkezýär. «Aýnadakay şekil» suraty bolsa, tersine pop-art awangard usulynda çeikilipdir, ol Çingiziň zehininiň ýene bir ugruny görkezýär. Aşgabatly nakgaş Nurberdi Batyrowam işleriniň köpüsinde realizme eýerjek bolup durmandyr. Urbanizasiýalaşan gurşawy žiwopis dilinde beýan etmek – onuň döredijiliginiň özboluşly ugurlarynyň biridir. Olarda ekletik çyralar diňini ýada salýan daragtlar, şäher joşgunyna ýokardan «edepli garap» duran belent jaýlar şekillendirilen. Nurberdiniň suratlarynda paýtagtymyzyň binagärlik hereketli landşafty döwrümiziň güýçli depginlerine tabyn bolup, awangard tilsimli üýtgeşik manzary kemala getirýär.
Işdä ýakyn natýurmort – gyş gawuny, bişip tänen narlar, narynç limon we üzüm ýaly adaty miweleri maryly ýaş nakgaş Baýram Nuryýew şäheriň daşynda gara bürenen dag eteginde halynyň üstünde ýerleşdiripdir-de, olary ýalpyldysy göz gazmaşdyryjy gar zerrejikleri bilen bezäp, žiwopisde täzeçil tilsim ulanypdyr. Nakgaş Ýeňiş Ýagşymyradowyň «Daşoguz ýanwary» suratynda-da gar temasy ozboluşly beýan edilipdir. Ýurdumyzyň demirgazygy üçin gar üýtgeşik zat däl, şonda-da ak gar inen manzaryň özi haýrana goýýar ahbetin. Belki, onuň Daşoguza ýagan ilkinji gar bolmagam mümkin – aýak astynda gütürdäp ýatan ýumşak garly ýeňiljek aýaz arassa howa tämizlik berýär. Ýeňiş Ýagşymyradowyň beýleki bir «Kepderiler» atly manzarynda-da Daşoguz gyşy şekillendirilipdir. Ýöne munda gary eräp, doňy çözülen toprak kepderiler üçin uzak garaşdyran maýyllygyň we iým tapmagyň aňsat boljak döwrüniň buşlukçysy bolup görünýär. Balkanly nakgaş Annadurdy Hojaýew «Deňizden öwüsýän mymyk şemal» atly işinde deňzi ýiti reňkler bilen gün ýaşyp barýan çagy şekillendiripdir. Dogrudanam, gatbar-gatbar mawy-melewşe tolkunlary kowalaýan güýz şemaly goýy-gök giňişlige keşde çekip ýör. Ho-ol alysda bolsa, ýadaw Gün Hazaryň gözel keşbini öz nurana şöhleleri bilen bezäp, gözýetimden ýitip barýar. Meýlis Nazarow sergä işleriniň 9-syny getiripdir, olaryň hersinde Köýtendagyň şahyrana manzarlary özboluşly şekillendirilipdir. Isle baharyň zümerret-ýaşyl ilkinji otjagazlarymy, ýa-da reňbe –reň döwrümi, ýa bolmasa – tomsuň ahyryna güne ýanan sary otlarmy – tapawudy ýok – olaryň ählisinde ýürege ýakyn mylaýym rahatlyk duýulýar... Dünýä hersi özboluşly garaýyşly nakgaşlaryň altysynyň işleri şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryna sungatyň gelejegine garamaga, žiwopis usuly we tilsimleri baradaky düşünjlerimizi artdyrmaga, döredijiligiň täzeliklere gurşalan janly sungatdygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Geri dön |