Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy |
Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow wagt ýitirmän, gurluşyga dahylly birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň hem-de sebitiň gurluşyk boýunça jogapkär işgärleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, iri kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Şu ýylyň mart we awgust aýlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Gökdepe etrabynyň çäginde täze şäheriň gurluşygyny tapgyrlaýyn esasda, has takygy, onuň birinji tapgyryny 2019 — 2021-nji ýyllarda, ikinji tapgyryny bolsa 2020 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylan ýyllarynda toplanan şähergurluşyk tejribelerini ulanmak arkaly bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar, olara durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli we döwrebap gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, sebitleri toplumlaýyn esasda özgertmek, tutuş ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy häzirki zaman derejesinde ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrýar. Bu bolsa Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagyny şertlendirýär. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda, ýakyn geljekde dürli maksatly desgalary bolan şäheriň peýda boljak ýerinde giň gerimli gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda jemi 192 desga bina ediler. Olaryň 131-siniň ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarydygyny, 61-siniň bolsa edara-kärhanalaryň binalarydygyny bellemeli. Şeýle hem bu ýerde kottejleriň hem uly toplumynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu bolsa raýatlaryň hususy isleglerine we ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýän ähli amatlyklary bolan oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny saýlap almagyna mümkinçilik berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň sebitleriniň binagärlik taýdan ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Täze nusgadaky obalar we şäherçeler Diýarymyzyň binagärlik babatda baş bezegine öwrüldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryny baş ýörelge edinýän durmuş syýasatynyň ähli ugurlar babatda netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler häzirki döwürde özüniň anyk netijelerini berýär. Şunlukda, raýatlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. DAVAM.AZ “Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan) Geri dön |