Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Ussa Örebaý Annaýew: agajyň owazyny duýýan zehin eýesi
Ussa Örebaý Annaýew: agajyň owazyny duýýan zehin eýesi |
Saz gurallaryny ýasaýan ussanyň özem, adatça, gowy sazandadyr. Çünki bu gadymy inçe kärde işlemek üçin agaç ýonmak başarnygy ýetik däl, esasy agajyň goýydan üýtgeşik sesini, hoş owazyny aňmaga ukybyň bolmaly. Daşoguz şäherinden ussa Örebaý Annaýew diňe bir dutar ýasaman, eýsem çagalara saz çalmagy-da öwredýär. Ol otuz ýyldan gowrak wagt bäri Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebinde sapak berip gelýär. Şu ýyllarda belli sazandalaryň ençemesini ýetişdirdi, olaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Durdyýew, şeýle hem sungat mekdebindäki kärdeşi Bäşim Gapparow bar. Dutar ýasamak käri nesilden nesle geçýär diýselerem, Annaýewleriň tohumyndan saz gurallaryny ýasaýan onuň bir özi. Dutar ýasamaga nämäniň sebäp bolandygyny Öräniň özem anyk aýdyp bilenok. Belki, oňa gündogar sazlarynyň çuň manylygydyr ýürege ýakyn owazy sebäp bolandyr? Örebaý Gurbansoltan eje etrabyndan dutar ýasan Minewer bagşyny ilkinji halypasy saýýar. Heniz ýigdekçe döwri Örebaý tut agajyndan dutaryň kellesini ýasap, ony halypa görkezipdir. Onuň işine göwni ýeten bagşy ýetginjege bu işe yhlas etmegi hemem dutar çalmagy öwrenmegi maslahat beripdir. Örebaý saz başarnygyny M.Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebinde, soňra Milli konserwatoriýada kämilleşdirýär. Şol döwürlerem ol dutar ýasamagyň syrlaryny öwrenmegini dowam edipdir, saz guralyna öwrülip, owazlara baý owaz berip bilýän daragtyň sypatlaryny saýgarmagy kämilleşdirýär. Indi Örebaý Annaýewiň dutarlaryny ussat bagşylar-da, ussanyň ýaş okuwçylary-da çalýarlar. Onuň elinden çykan gurallar ençeme gezek dürli sergilere gatnaşdy, geçen ýyl bolsa zehinli mugallym we ussa « Çeper halk döredijiliginiň ussady» diýen at dakyldy. Adatça, Örebaý Annaýew täze okuw ýylynyň birinji sapagynda okuwçylara dutaryň taryhy we ony ýasamagyň syrlary barada gürrüň berýär...
DAVAM.AZ “Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan) Geri dön |