Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292 davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Çap səhifəsi > Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy


Özbegistanda iş sapary bilen bolýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Daşkent şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda ýola goýlan taryhy-medeni hem-de dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär.
Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli ugry yzygiderli amala aşyrmak bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýada özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek ugrunda çykyş edip, bu ugurda anyk ädimleri ädýär. “Kuksaroý” köşgüne bardy, bu ýer sammitiň geçirilýän ýerine öwrüldi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkende Gyrgyz Respublikasynyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, hem-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew geldiler.
Sammitiň banneriniň hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däbe öwrülen bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň «Kuksaroý» köşgüniň Kiçi mejlisler zalynda ýokary derejedäki bäştaraplaýyn çäkli duşuşygy boldy. Soňra konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylar onuň gün tertibine girizilen hem-de syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara meseleleriň derwaýys ugurlary hem-de sebitde howpsuzlygy üpjün etmek barada pikir alyşdylar. Soňky döwürde biziň ýurtlarymyz Merkezi Aziýany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, sebitden daşardaky döwletler, guramalar we birleşikler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda köp işleri geçirdiler diýip, milli Liderimiz belledi. Daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki bäştaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi dünýä giňişliginde, halkara guramalarda ädimleri netijeli utgaşdyrmaga, umuman, birek-biregiň maksatlaryna we bähbitlerine oňat düşünmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan şeýle iş tejribesini goldap, ony dowam etmeli, şeýle duşuşyklaryň ugurlaryny we mowzugyny giňeltmeli diýip hasaplaýar. Merkezi Aziýa bu Ýewraziýa ulag ýollarynyň we energiýa akymlarynyň kesişýän ýeri, uglewodorod çig malynyň dünýä möçberindäki gorunyň jemlenen ýeri. Şonuň üçin sebitde döwrebap ulag, logistika, energetika, aragatnaşyk düzümini döretmek özara gatnaşyklaryň möhüm meselesidir.


DAVAM.AZ
“Daşkənd Bürosu” (Özbəkistan)

Geri dön