Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292 davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Çap səhifəsi > Bir konsertde ussat sazandalaryň üçüsi çykyş ederler
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Bir konsertde ussat sazandalaryň üçüsi çykyş ederler

Bir konsertde ussat sazandalaryň üçüsi çykyş ederler


21-nji dekabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda «Nusgawy sazlar bilen täze duşuşyk» atly konsert bolar. Nusgawy sazlaryň muşdaklarynyň öňünde ussat sazandalar, halkara bäsleşikleriniň laureatlary, TMK-nyň mugallymlary – pianinoçy Bahar Annadurdyýewa, skripkaçy Bahram Dolyýew we altçy Tahyr Ataýew dagy çykyş ederler. Saz agşamynda barokko akymynyň genial kompozitory Iogann Sebasýan Bahyň, romantizm ýörelgesiniň ajaýyp wekilleri Genrik Wenýawskiniň, Anri Wýotanyň, Pýotr Çaýkowskiniň, Jorje Eneskunyň eserleri ýerine ýetiriler. Seýle hem döwürdeşimiz – kompozitor, pianinoçy, halypa, «Dutaryň owazy» atly türkmen nusgawy sazlarynyň Moskwa halkara festiwalynyň art-direktory Mämmet Guseýnowyň eserleri-de çalnar.
Adyndan görnüşi ýaly, konsertde dürli döwürleriň nusgawy sazlary täzeçe ýerine ýetiriler. Ýaş hem bolsa eýýäm özüni ussat hökmünde tanadan sazandalaryň bize owazlaryň sazlaşygy, stilistik özboluşlylyk we sazandarlyk estetikasy älemine ýatdan çykmajak syýanat peşgeş etjekdiklerine şübhe ýokdur.

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)

Geri dön