Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Täze ýyl jaz sazlary
Täze ýyl jaz sazlary |
2020-nji ýylyň ilkinji ýekşenbe agşamynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandalary jaz sazlarynyň muşdaklaryny begendirdiler. «Türkmenistan» kinokonsert merkezini hyryn-dykyn dolduryp oturan mähelle üçin Deýw Brubekiň, Lui Armstrongyň, Jorj Dýukyň, Bobbi Timmonsyň we beýlekileriň meşhur eserleri ýaňlandy. Konserti alyp baryjy Tatýana Öwezmyradowa çykyşlary ... öz döreden «Jaz we blýuz sazlarynyň waspy» goşgusy bilen açdy, onda ol saz sungatynyň şu žanrlaryna söýgüsini beýan edipdir. Ýaş aýdymçy Umyt Amanow arçajyk baradaky aýdymy jaz usulynda aýdyp, diňleýjilere özboluşly täze ýyl sowgadyny peşgeş berdi. Dogrusy, saz agşamynda ýaňlanan her bir eser özboluşly beýan edilişi, improwizasiýalara baýlygy we üýtgeşik ýerine ýetirilişi bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň halk artisti, tanymal deprekçi Hakberdi Allamyradow Röwşen Nepesow bilen bilelikde etnostil kompozisiýasyny ýerine ýetirdiler, onda diňe bir deprek bilen garmoşka özbaşdak çykyş etmän, eýsem improwizasiýa ussatlarynyň ikisiniňem göwnaçyklygyny we özüne maýyl edijiligini görkezdi. Mahmal owazly kontralto sesli Maýa Annaýewa Lui Armstrongyň «Slipknot People Girl» aýdymy ajap aýtsa, ýaşajyk aýdymçy Nurbibi Nepesowa «Täze ýyl» aýdymyny nepis ýerine ýetirdi. Baýramçylyk konsertinde garaşylmaýan ýagşy täzelikler köp boldy. Ýöne Röwşen Nepesow bu ýere gelenler üçin öz döreden täze eserlerini ilkinji gezek ýerine ýetirip, olara has uly sowgat etdi. Röwşen Saba säher tämizligi ýurdunyň syrly, inçe şahyrana owazlara ýugrulan we jaza mahsus kontraslara baý «Gangnam uwertýurasyny» Koreýa Respublikasyna saparyndan galan täsirler esasynda döredipdir. Onuň «Derwiş» atly ikinji eseriniň premýerasy Serdar Haýdarowyň ýerine ýetirmeginde hyýalyňda Garagumyň mahmal gum depeleri ýaýylyp ýatan ümmülmez çöl-beýawanyny janlandyrýar. Çeper we ekspressiw saz frazalaryna sazlaşykly utgaşýan tüýdügiň we dutaryň jadylaýjy owazy altynsow çäge zerrejikleriniň gözel nagyşlar döreden köňül göteriji giňişligine alyp gidýär. Serdaryň ýerine ýetirijilik usuly we düşegi hem-de reňkleri türkmen halylarynyň gölleri kysmynda tikilen lybasy owaz ekletikasyny aýratyn nygtaýardy.
Röwşen Nepesow jaz agşamyny heniz at hem berip ýetişmedik eseri bilen jemläp, orkestrrovchennepesov Instagram-akkaunta girýänleriň arasynda eserine at dakmak boýunça bäsleşik yglan edýändigini aýtdy. Jaz älemine syýahatdan lezzet alan, ýüreklerine oňynlyk siňen, konsertiň ahyrynda bolsa täze esere at gözlemäge tabşyryk alan tomaşaçylar zehinli aýdymçylar, sazandalar, galyberse-de, özüne maýyl ediji kompozitor we köpgyraňly şahs –Röwşen Nepesow bilen täze duşuşyklary niýet edindiler. DAVAM.AZ “Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan) Geri dön |