Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292 davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Çap səhifəsi > Türkmen elektroenergetikasynyň eksport kuwwaty artýar
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Türkmen elektroenergetikasynyň eksport kuwwaty artýar

Türkmen elektroenergetikasynyň eksport kuwwaty artýar


Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi.
2018-nji ýylyň ýanwarynda degişli ugur boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ady agzalan türk kompaniýasy bilen energetika pudagynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk teklipleri öz içine alýan bilelikde işlenip taýýarlanan maksatnama netijeli gatnaşyklaryň ygtybarly esasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň fewralynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bolup geçen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň çäklerinde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu ulgamyň ähli düzüm desgalarynyň energiýa üpjünçiliginden başga-da, elektrik geçiriji ulgam Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna elektrik energiýasyny ugratmaga mümkinçilik döreder. Şeýle hem şol ugur boýunça TOP optiki-süýümli ulgam çekiler, bu bolsa üç ýurduň arasynda maglumat-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini güýçlendirmäge ýardam eder. TOP-nyň gurulmagy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder. Hususan-da, täze iş orunlarynyň ýüze çykmagy bilen baglylykda, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga, degişli elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa we durmuş düzümini döretmäge mümkinçilik peýda bolar. Energetika ulgamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar hem giň gerime eýe bolýar. Ençeme ýyllaryň dowamynda owgan halky türkmen elektrik energiýasyny, esasan, ýeňillikli şertlerde ulanyp gelýär. Onuň doganlyk ýurda ugradylýan mukdaryny artdyrmak maksady bilen, täze beketler gurulýar, elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär. Türkmen gurluşykçylarynyň tagallalary bilen Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurulmagy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň ilkinji tapgyrynyň bu ýurda ugradylmagy Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Energiýanyň gymmat däl, ygtybarly we döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli döwletleriň okgunly ösmegi, olaryň halklarynyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu maksada ýetmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalary, şol sanda BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda Gün tertibine» laýyklykda gönükdirilendir. Ykdysadyýetiň bu ulgamynda Türkmenistanyň işjeň nukdaýnazaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen döwlet strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garalýar. Ýurdumyz özüniň ägirt uly serişdelerini tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýan ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmäge yzygiderli goşant goşup, bu ugurda anyk çäreleri görýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşary ýurtlara ugradylýan türkmen elektroenergiýasynyň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, şu günki ylalaşyga gol çekilmegi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, asuda ösüşiň, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň bähbidine giň gerimli işleriň nobatdaky tapgyrynyň başlangyjy bolar.

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)


Geri dön