Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy žurnalyň täze sanynda
Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy žurnalyň täze sanynda |
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribeleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykyp, geçen ýylyň dürdänji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasat durmuşynyň möhüm wakalaryna berilýän synlary üzünde jemleýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy bilen žurnalyň bu sany açylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi kabul edip, Türkmenistan GDA-nyň mümkinçiliklerini ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermegi, Arkalaşygyň işlerini günüň anyk talaplaryna laýyklykda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy özüniň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pugta parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki ulgamlaýyn işleriň, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de çagyryşlaryna garşy hereket etmek işinde netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn belledi. Sammitiň işiniň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama baradaky meselä garamagy hödürledi. Işlenilip taýýarlanylmagy hem-de kabul edilmegi baradaky başlangyç Türkmenistana degişli bolan bu resminama Arkalaşygyň döwletleriniň giň ykdysady gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa bolan iş sapary beýleki bir makalanyň mazmuny boldy. Şol saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Tokioda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen ylmy ady dakmak dabarasy geçirildi. Saparyň çäklerinde milli Liderimiz dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen örän netijeli gepleşikleri geçirdi, şeýle hem Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Garalýan döwürde prezidentimiziň Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 25-nji oktýabrda Bakuwda geçirilen XVIII sammitine gatnaşmagy möhüm waka boldy. Milli Liderimiz sammitde çykyş edip, Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň halkara bileleşigiň beýleki agzalary bilen bilelikde ählumumy howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna täze kuwwatly itergi berip, bu ugurdaky işleri anyk syýasy-hukuk hem-de giň dünýägaraýyşly many-mazmun bilen artdyrmalydygyny aýtdy. Iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän halkara durmuşyň möhüm ugurlaryny, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Möhüm wakalar baradaky makalalaryň hataryna şeýle hem prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi saparda bolan Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler girdi. Özara bähbitli türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler baradaky meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. 6-7-nji noýabrda Italiýa Respublikasyna bolan resmi sapary dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazdy. Şol saparyň netijeleri hem çärýekde bir gezek neşir edilýän žurnalda beýanyny tapdy. Iki günlük saparyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Şolaryň çäklerinde uzak möhletli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we geljegi, iki dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ilkinji derejeli wezipelerini hem-de ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, ony has-da giňeltmegiň esasy ugurlary barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejede geçiren duşuşyklary we gepleşikleri baradaky makalalaryň hatarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasyna bolan iş sapary, şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan iş sapary bar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan halkara medeni we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýurdumyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleri GDA ýurtlaryň Ykdysady ösüşiniň Işewürler merkeziniň syýahatçylyk baradaky komitetiniň wekili hanym A.Pawlowanyň makalasynyň mazmunyny düzdi. Türkmenistan gadymy siwilizasiýanyň hem-de beýik seljuk nebereleriniň syrlardan doly hakyky syýahatçylyk genji-hazynasy hökmünde göz öňünde janlanýar. Parfiýa patyşalygynyň bütin dünýä belli paýtagty bolan gadymy Nusaý şäherinden başga-da, Orta Aziýadaky gadymy Merw şäheri hakyky syýahatçylyk gudraty bolup durýar diýip, awtor nygtaýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany hanym Kristina Weýgandyň interwýusynda ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllarda ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bilen baglylykda netijeli gatnaşyklar, gazanylan üstünlikler we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada gürrüň berilýär. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň hem-de durnukly ösüşiň ählumumy maksatlarynyň bähbitlerine kybap gelýän çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereket etmegiň Milli meýilnamasynyň tassyklanylmagy şol hyzmatdaşlygyň ähmiýetli netijesi bolandygy nygtalýar. Okyjynyň dykgatyna hödürlenilýän makalalaryň hatarynda kazyýet önümçiliginiň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk kämilleşdirilmegi, şunda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy baradaky makalalar bar. Beýleki bir makala Türkmenistanyň 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykdaky döwürde Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmegi bilen baglylykda, Merkezi Aziýada ekologiýa hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr. Makalada bellenilişi ýaly, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş wezipesi suw hojalyk, ekologiýa, durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Žurnalda şeýle hem ýurdumyzyň «ýaşyl ykdysadyýete» maksada laýyk geçmegine, konstitusion özgertmeleriň geçirilişine hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilişine, Hazarda üstaşyr-ulag mümkinçiliginiň amala aşyrylyşyna bagyşlanan makalalar çap edilýär. Žurnalyň nobatdaky sanyny «Diplomatik durmuşyň wakalary» diýen däp bolan bölüm tamamlaýar. Onda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçen ýylyň dördünji çärýeginde geçirilen daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky köp sanly geňeşmeler, daşary döwletleriň wekiliýetleri bilen bolan gepleşikler, hökümetara toparlarynyň mejlisleri, halkara we sebitleýin forumlar beýan edilýär. «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» diýen žurnal Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýär. DAVAM.AZ “Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan) Geri dön |