Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy |
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky duşuşygy tamamlandy. Ol prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy.
Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky duşuşygyň gün tertibinde Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamanyň taslamasyny ylalaşmak baradaky mesele boldy. Resminamanyň taýýarlanylmagyny türkmen tarapy öz üstüne alyp, ol 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň Baky şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň üstüni ýetirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, Teswirnama Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak hakynda Ylalaşyk bilen arabaglanyşyklydyr. Astrahanda IV Hazar sammitinde kabul edilen bu resminama döwletleriň içinde zerur bolan işler ýerine ýetirilenden soň, 2016-njy ýylyň maý aýynda güýje girizildi. Bu ylalaşyga laýyklykda, Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak, oýlanyşykly peýdalanmak we olaryň bilelikdäki ätiýaçlyklaryny dolandyrmak boýunça hökümetara Topary döredildi. Giň ygtyýarlyklara eýe bolan Topar bilelikdäki suw biologiýa serişdelerini tutmagyň ýol berilýän umumy mukdaryny kesgitleýär hem-de olary ygtyýar berlen milli möçberlere paýlaýar, bu serişdeleriň awlanylmagyny düzgünleşdirýär, balyk tutmagyň düzgünlerini tassyklaýar, ylmy-barlag işleriniň ylalaşylan maksatnamalaryny utgaşdyrýar we beýleki meselelere garaýar. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň biologiýa serişdeleri uly köpdürlüligi we oňat netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ol deňizde mesgen tutanlaryň 1500-den gowrak görnüşlerini özünde jemleýär. Şolaryň arasynda tirana görnüşiniň wekilleri bolan akbalyk, bekre, çöke balyk, tirana balyklary bolup, olar Ýer ýüzünde saklanyp galan hem-de öndürilýän dünýä ätiýaçlygynyň we genofondynyň esasyny düzýär. Mundan başga-da, bu ýerde balyklaryň çapak, kepir, garabalyk, kutum, çontaly, töp, kilka, okun, çüýbalyk ýaly awlanylýan gymmatly görnüşleri bar, deňizde ýeke-täk süýdemdiriji haýwan — Hazar düwleni saklanyp galypdyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda tirana balyklaryndan başga-da, kilka balyklarynyň we Hazar düwleniniň birnäçe görnüşiniň sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki suw biologiýa serişdeleriniň sanawyna goşulandygyny bellemek gerek. Türkmenistan şu ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak bilen, bu hyzmatdaşlygyň yzygider, toplumlaýyn we netijeli häsiýete eýe bolmagy, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda şeýle häsiýete eýe bolmagy üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmaýar. Ýakynda Aşgabatda Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň, şeýle hem Hazar deňzinde gözleg-halas ediş babatda hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara Ylalaşygynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygynyň geçirilendigi ýatlamak isleýäris. Paýtagtymyzda guralan şu üç günlük iş maslahatynyň dowamynda bilermenler bioserişdeleri bikanun awlamagyň garşysyna göreşmegiň hem-de brakonýerçiligiň öňüni almagyň netijeli guralyny döretmäge gönükdirilen Teswirnamanyň taslamasyny ylalaşmak işlerini dowam etdiler. Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň her biri örän möhüm meseleleriň birini çözmäge gönükdirilen tekliplerini beýan etdiler. Şunda deňziň balyk serişdelerini gorap saklamak, deňiz giňişliginde balyk tutmagy düzgünleşdirmek baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Hazarýaka döwletleriniň balyklaryň tirana görnüşiniň senagat taýdan tutulmagyny alyp barmaýandyklaryny bellemek gerek. 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilen suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak, oýlanyşykly peýdalanmak we olaryň bilelikdäki ätiýaçlyklaryny dolandyrmak boýunça toparyň üçünji mejlisinde tirana balyklarynyň täjirçilik maksatly tutulmagyna gadaganlyk 2020-nji ýyla uzaldyldy. Mejlise gatnaşyjylar brakonýerçilige garşy bilelikde göreşmegiň görnüşlerini we çäklerini ara alyp maslahatlaşyp, kenarýaka ýurtlaryň serhet, hukuk goraýjy, balyk goraýyş we ekologiýa gulluklarynyň bu ulgamda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň hem-de hereketlerini utgaşdyrmagynyň möhümdigini nygtadylar. 6-njy fewralda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň «Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşygy işe başlar. DAVAM.AZ “Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan) Geri dön |