Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292 davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Çap səhifəsi > Paýtagtly dokmaçylar ýaz eşikleriniň tapgyryny çykarmaga girişdiler
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Paýtagtly dokmaçylar ýaz eşikleriniň tapgyryny çykarmaga girişdiler

Paýtagtly dokmaçylar ýaz eşikleriniň tapgyryny çykarmaga girişdiler


Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat Modalar öýüniň dizaýnerleriniň işläp taýýarlan çagalar we ulular üçin eşikleriniň ýazky kolleksiýasy köpçülikleýin çykarylyp başlandy. Paýtagtly dokmaçylaryň öndürýän täze önümleri dürli reňkli arassa nah matalardan tikilip, olar dürli biçüwliligi, ölçegleri we görnüşleri bilen tapawutlanýar. Modalar öýüniň trikotaž sehinde milli don kysmy örme zenan paltolaryny, şeýle hem kardiganlary, trikotaž köýnekleri, gyzjagazlar we oglanjyklar üçin mekdep eşiklerini çykarmak ýola goýuldy.
Bu ýerde köýnekçeler, ýeňsiz köýnekler, gyzjagazlar üçin tomus köýnekleri, şeýle hem dürli aksessuarlar öndürilýär. Modelýerler kolleksiýany döredenlerinde Ýaponiýanyň Shima Seiki kompaniýasynyň düz örme awtomatik enjamlarynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalandylar. Ýörite programma üpjünçiligi ýylda erkekler, zenanlar we çagalar eşikleriniň ýigrimi müňden gowragyny çykarmaga mümkinçilik berýär.

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)

Geri dön