Deprecated: preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/davam/public_html/engine/modules/show.full.php on line 292 davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Çap səhifəsi > Türkmenistanyň Ilçihanasy Buharestde medeniýetara festiwala gatnaşdy
davam.az - BÜTÖV AZƏRBAYCAN ADINA! > Türk dünyası-Turan > Türkmenistanyň Ilçihanasy Buharestde medeniýetara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçihanasy Buharestde medeniýetara festiwala gatnaşdy


Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde her ýyl geçirilýän «Bahary garşy alýarys» atly festiwal gurady. Çäre Buharestde, Russiýanyň ylym we medeniýet merkezinde guraldy, oňa gatnaşan her ýurt öz milli stendini görkezdi. Rumyniýanyň dürli edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Buharestiň ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, rumyn paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar festiwalyň myhmanlary boldular. Amaly-haşam sungaty eserleri, kitaplar, maglumatlar bukletleri we fotosurat materiallary türkmen halkynyň däp-dessurlary, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri hem-de gözel tebigaty, Türkmenistanyň dürli ugurlarda häzirki gazananlary, ak mermer Aşgabat bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem bu ýere gelenler ýurdumyzyň häzirkizaman taryhynyň şanly senesi – hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlygyň barşy bilen tanyşdyryldy. Myhmanalara datly türkmen tagamlary hödür edildi.

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)

Geri dön