26.11.2019 [13:17] - Türk dünyası-Turan
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Gorkut ata» eposy esasynda döredilen «Domrul» spektakly Aşgabat halkara festiwalynyň özboluşly jemlenmesi boldy.
Çeper obrazlylygy we gurluş sazlaşygy bu güýçli täsirli işi has saýry getirýär. Sahnadaky durşuna ýüň ýüplükler sallanyp duran ak öý dokalyp gutarylmadyk halyny ýada salýar. Hamala, çeper elli halyçy çaýa çykanda gadymy bir rowaýat aýdyp berjek ýaly bolup dur. Dutar sazyna utgaşyp, çylşyrymly ýordum öwrümlerinden ybarat hekaýat başlanýar. Dramaturg we «Domrul» spektaklyny goýan režisýor – Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow sahna bezeginiň her bir detalyny gürledip bilýän göwrümli we dartgynly sahna eserleriniň awtory hökmünde tanalýar. Emma sahna bezegi -- bu filosofiki çuňňur manyly hekaýatyň diňe gelşikli bezegi. Onuň göçme manylylygy Hoja Nasreddine kybap degişmeler ruhundaky şorta sözli sahnalardan ybarat.
Ol owadanlygy, akly we ugurtapyjylygy, aýratynam Domrulyň hossarlaryndan täk özüniň adamsy üçin janyny bermäge taýynlygy bilenem spektaklyň baş gahrymany bolup bilerdi. Ýöne onda spektakluň ugry başgaça bolardy... Kakajan Aşyrow tomaşaçylaryň ünsüni Domrulyň keşbinden filosofik many çykarmaga çekýär. Spektakl adam ömrüniň bibahadygy barada pikir döredýär. Oýnuň awtory ony baş gahrymanyň mysalynda görkezýär: Ezraýyla duçar bolan Domrul durmuşa we adamlara garaýşyny düýpgöter üýtgedýär. Aýalynyň özi üçin pidasyny kabul etmezlige gaýraty çatýar, eden telek işlerine, şol sanda baýajak bolup gury jarda guran köprüsi üçinem ökünýär. Režisýor aktýorlary ýerlikli saýlamagyň hötdesinden gelipdir. Kakabaş daýaw Domrulyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýeňiş Ýazmyradow ussatlarça ýerine ýetiripdir. Onuň güňleç sesi, keserli herketleri, kesirligi özüne çekiji we üýtgeşik hereketli gahrymanyň keşbini has-da baýlaşdyrýar. Onuň wepaly aýaly Näzli Çeçegiň keşbini Dilşat Meläýewa ýerine ýetirýär. Sahna oýny hoş labyz sazy, köp manyly sahna bezegi, aktýrolaryň improwizasiýa ussatlygy, hekaýat bütewiligi bilen tomaşaçylaryň dürli neslini özüne çekýär.
DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)

Bu xəbər oxucular tərəfindən 580 dəfə izlənilmişdir!
Yahoo | |||||||
Del.icio.us | Digg | StumbleUpon | FriendFeed |