10.12.2019 [10:20] - Türk dünyası-Turan
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi açyldy. Ekspozisiýada žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri bar. Türkmenistanyň halk nakgaşy Ada Gutlyýewiň ýordumly «Rowaç» halysynda ýurdumyzda «Türkmenistan- rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän 2019-njy ýylyň ilkinji güni doglan ahal-teke tohumly mele taýçanak şekillendirilipdir. Haly şeýle bir nepis dokalypdyr welin, ýordumyuň her bir bölegi sazlaşyga we žiwopis çeperligine ýugrulan. Toýmämmet Esenmämmedowyň «Toý» diýen simwoliki atly suratynda datly tagamlary taýýarlaýan zenanlar, baýramçylyk güni gezelenje çykan mähelle şekillendriilipdir.
Polat Garryýew, Aşyrmuhammet Kulyýew, Öwez Laýlykow dagynyň plakat žanrynda çeken suraty Ak şäher Aşgabadyň gözel binalaryna bagyşlanypdyr.
Merdan Kakabaýewiň «Ak bugdaý» atly suraty uzak geçmişe syýahata çagyrýar. Natýurmorta çalymdaş bu işde tohumlyk galla däneleri, un üweleýän gadymy gurallar, aşhana esbaplary, mele-myssyk nanlar... çekilipdir. Änew metjidiniň girelgesi türkmen halkynyň taryhy we däp-dessurlary baradaky žiwopis işini jemleýär.
«Saglyk ýoly» manzary göwrümi we reňklere baýlygy bilen täsir galdyrýar, onda Walentin Kudrýaşow Köpetdagyň eteginiň gözel manzarlaryna duşanyňda köňlüňi joşdurýan şatlygy dürli reňklerde beýan edipdir. Žiwopisçi göwrümli realistik-impressionistik çotga tilsimleri bilen al-elwan çigildemlere bürenen ýaşyl baýyrlary we näzik nagyş döredýän bulutly mawy asmany, şemala pasyrdaýan Döwlet baýdagyny şahyrana beýan edipdir. Alekseý Şşetininiň «Jigit tansy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasynda biz bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşýan çalasyn tansçynyň çeýeligi görkezilipdir.
DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)

Bu xəbər oxucular tərəfindən 602 dəfə izlənilmişdir!
Yahoo | |||||||
Del.icio.us | Digg | StumbleUpon | FriendFeed |