09.01.2020 [12:08] - Türk dünyası-Turan
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär. Makalalaryň awtorlarynyň hatarynda ençeme ýyl gulluk eden, ýokary harby atlaryň eýeleri, çagyryş boýunça harby gullukçylar, şeýle hem harby işini we onuň taryhyny öwrenýän ussatlar bar. Bilimleriň dürli ugurlary olara Milli goşunyň geçmişinden we şu gününden gyzykly wakalary açmaga, onuň üstünliklerini hem-de Watanymyzyň edermen goragçylarynyň ruhubelentligini beýan etmäge mümkinçilik berdi.
Žurnalyň nobatdaky sany geçen ýylyň ahyrynda kabul edilen «Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen açylýar. Bu döwlet sylagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda şahsy edermenlik görkezendikleri üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak maksady bilen döredildi. Žurnalyň nobatdaky makalasy ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilmegine, halkara giňişliginde Türkmen döwletiniň hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgelerine, daşary syýasy we daşary ykdysady işlerine bagyşlandy. Makalada bellenilişi ýaly, hut Bitaraplyk derejesi dünýäniň ähli döwletleri bilen gatnaşyklary dostluk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýmak üçin şert döredýär. Bu ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sebitde we tutuş dünýäde ylalaşdyryjylyk wezipesini ýerine ýetirmäge, bu wezipeler çözülende Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam etmäge mümkinçilik berýär.
Giň mazmunly makala okyjylary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçen ýylda Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilen döredijilik we hünär ýaryşlary bilen tanyşdyrýar. «Ýylyň terbiýeçi — serkerdesi», «Iň gowy harby orkestr», «Ýylyň harby psihology» ýaly bäsleşikleriň tapgyrlary beýan edildi we netijeleri jemlendi. Şeýle hem žurnalyň okyjylaryna ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýan makala hödürlenildi. Makalada bu işiň esasyny ýokary hünär derejeli işgärleriň—maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary babatda çuňňur bilimli serkerdeleriň taýýarlanylmagynyň düzýändigi bellenilýär.
Neşiriň täze sanynda 2019-njy ýylyň güýzki çagyryş möwsümi hakynda gürrüň berýän makala çap edildi. Möwsüm Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda geçirildi. Makalada raýatlary harby gulluga ugratmagyň hem-de harby gullugyny geçen esgerleri ätiýaja goýbermek dabaralary barada gürrüň berilýär, şeýle hem Milli goşuna çagyrylan harby gullukçylaryň ilkinji günleri hem-de harby kasamy kabul etmek dabarasy beýan edildi.
Makalalarda edermen halkymyzyň taryhynyň käbir sahypalary, gadymy türkmen alymlarynyň açyşlary we oýlap tapyşlary, meşhur taryhy şahsyýetler hakynda gürrüň berilýär. Şeýle hem neşirde türkmen gylyjynyň aýratynlyklary hakynda ylmy makala ýerleşdirildi. Bu makalalaryň awtorlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň baý medeni mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak üçin zerur şertleriň döredilýändigini belleýärler. Türkmen dilinde çärýekde bir gezek çap edilýän, «Milli goşun» žurnaly okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Suratlar bilen göwnejaý bezelen neşirde watançylygyň we edermenligiň hakyky mekdebi bolan harby gulluk, Türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň goragynda durýan Watan goragçylarynyň gündelik işleri barada täsirli gürrüň berilýär.
DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)

Bu xəbər oxucular tərəfindən 586 dəfə izlənilmişdir!
Yahoo | |||||||
Del.icio.us | Digg | StumbleUpon | FriendFeed |