13.01.2020 [11:40] - Türk dünyası-Turan
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde guran ylmy maslahaty arheologik agtaryşlaryň netijelerini, şeýle hem ýurdumyzyň rejelelýjileriniň geçen ýylda alyp baran işlerini ara alyp maslhatlaşmak üçin meýdança boldy.
Ýakynda Ahal welaýatynyň «Ak bugdaý» Milli muzeýine we Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýlerine tabşyrylan täze eksponatlaryň jemgyýetçilik tanyşdyrylyşy arheologlaryň, rejeleýjileriň we sungat taryhçylarynyň duşuşygyna özboluşly giriş boldy. Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň 22-nji noýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna şu ýyldaky arheologik agtaryşlaryň netijeleri barada habar berildi we gadymy artefaktlary welaýatlaryň miuzeýlerine bermek barada çözgüt kabul edildi. Ahal welaýatynda Abiwerd, Paryzdepe, Şähriyslam ýaly belli orta asyrlar şäherlerinde, şeýle hem türkmenleriň arasynda Mäne baba ady bilen tanalýan ady belli Abu Seýit Abul Haýryň aramgähinde barlaglar geçirildi. Kaka şäheriniň günbatar çäginde ýerleşýän Abiwerdden seljuklar we teýmirler döwürlerine degişli keramiki gaplaryň birnäçe görnüşi tapyldy. Olar küşt tagtasy şekilinde bezegli suratly abatlanylan syrçaly mejime, şeýle hem XIV-XV asyrlara degişli hiç bir zepersiz abat, dürli görnüşli hem ölçegli tabaklar we çanaklardyr. Abiwerdden gaty seýrek duşýan suw üçin ýerasty ötügiň bir bölegi bolan boýy bir metre golaý ýumurtga şekil ullakan keramiki halka tapyldy. Gadymy käriziň bu bölekleri mongol basybalyjylary gelmezden ozalky döwürde Köpetdagyň eteklerinden mäkäm berkidilen şäheri suw bilen üpjün eden gidrotehniki ulgamy döreden ýerli ussalaryň inženerçilik derejesiniň ýokary bolandygyna şaýatlyk edýär.
Depesi suwda ýüzýän guş şekilli bürünç temençe aýratyn gyzyklanma döredýär. Şeýle önümler baryp bürünç eýýamynda, dört müň ýyla golaý mundan ozal giňden ýaýrapdyr: gadymy Margianadan depesi her hili şekilli iňňňebagjyklaryň ençemesi tapyldy, ýöne Abiwerdden şeýle temençäniň tapylmagy duýdansyzlykdy we onuň golaýda ýerleşýän äpet Namazgadepe şäheri bilen baglanşykly bolmagy hem mümkindir. Orta Aziýa sferokonuslaryna çal-ýaşyl reňk, galyň diwary we ýaýbaň düýbi mahsusdyr. Olar köwere enjamynda toýundan hiç bir garyndysyz ýasalypdyr, aglaba bölegine nagyş salnypdyr. Jäjemler dykyzlygy, berkligi we urulanda ýiti sesliligi bilen tapawutlanýar. Sferokonuslar, ozaly bilen, orta asyrlarda zergärlikde simap saklamak üçin, ýagly reňkleri taýýarlamakda, farmakologiýada –dermanlyk serişdeleriň möhüm bölegi hökmünde ulanylypdyr. Simabyň hut sfrokonuslarda daşalandygyna we saklanandygyna diňe bir ýazuw çeşmeleri şaýatlyk etmeýär. Simapli sferokonuslar hem tapyldy, mundan başga-da, kükürtli simap gaýtadan işlenilip simap alnan ýerlerde şeýle gaplaryň ençemesi tapyldy. Sferokonuslaryň simap bilen baglydygyny ýerli ilatyň arasynda oňa «simap-küýzeçe» (kümüş suw üçin küýze) diýilmegi hem görkezýär. Şol bir wagtyň özünde ol beýleki suwuk zatlary-da saklamak we uzak aralyga daşamak üçin oňaýly hem-de döwülmeýän gap bolupdyr. Köpugurly sypatlary bolan sferokonuslar X–XV asyrlarda senetçilikde, himiýada, lukmançylykda, parfýumeriýada we gündelik durmuşda dermanlary, hoşboý yslly zatlary, gymmat bahaly ýaglary saklamak üçin çüýşe hökmünde hem giňişleýin ulanylypdyr. «Abiwerd» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri ýene-de birnäçe geň zatlary tapdylar. Mäne baba aramgähinde geçirilen abatlaýyş işleriniň senesini kesgitlemek we binanyň içiniň köpgatly düşeginiň düzümini öwrenmek maksady bilen onuň polunda geçirilen arheologik arassalaýyş işleri wagty barlagçylar XIII asyra degişli medeni gatlakda bir gysym teňňe tapdylar. Ençeme asyrlap çyg ýerde galan teňňeleriň poslandygy, bir-birine ýelmeşip gidenligi sebäpli olaryň ýazgylaryny okamak başartmady. Laboratoriýa şertlerinde teňňeler ymykly arassalanandan soň hünärmenler olaryň dürli ýyllarda zikgelenen kümüş dirhemlerdigini aýan etdiler. Tapylan jemi 91 kümüş teňňäniň 47-sinde Ilhanlar döwletiniň hökümdary Abaga hanyň ady ýaylypdyr, Teňňeleriň 36-synda Argun adyny okamak başartdy. Şol döwürde atdaş taryhy şahslaryň ikisi – 1265-1282-nji ýyllarda Ilhanlar döwletiniň hökümdary Argun han we köşgi Merwde ýerleşen, Horasanyň häkimi türkmen Argun şa ýaşap geçipdirler. Argun hanyň ady ýazylan teňňeleriň ikisi numizmatlaryň ünsüni özüne çekdi, olaryň arkasyna haýwanlaryň şekili salnypdyr: birinde ýolbarsyň suraty, beýlekisinde bolsa – öküze meňzeş haýwanyň şekili bar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, teňňelere haýwan şekilleriniň basylmagy şol döwürde Horasanyň iri şäherleriniň zikgehalaryna mahsus bolupdyr. Barlagçylar teňňeleriň ýasalan ýyly müçe boýunça haýsy jandara gabat gelen bolsa, şol haýwanyňam suraty zikgelenendir diýip çak edýärler. Ýene 8 dirhem Ilhanlar döwletine degişli bolsa-da, ondaky anyk hökümdaryň adyny okamak başartmady. Hünärmenler ol Çingiz neberelerinden Gazan han bolmagy mümkin diýip pikir edýärler, ol Reşit-ed-Diniň ýazmagyna görä,Yslam dinini kabul eden soň keramatly şeýh Abu Seýit Abul Haýryň guburyna zyýarat edipdir we ony tertibe salmaga görkezme beripdir. Hut şol wagtda hem kümmetiň easasy girelgesinde ýütgeşik gözel syrçaly mozaika peýda bolupdyr. Mary welaýatynda Saragsdan Merwe gidýän gadymy kerwen ýolundaky seljuklar eýýamyna degişli kiçeňräk Daňdanakan şäherinde gazuw-agtaryş işleri dowam etdirildi. Nýu-Ýorkuň Metropoliten müzeýinden amerikaly kärdeşleriniň gatnaşmagyndaky iki meýdan möwsüminde täze zatlaryň ençemesi tapyldy. Olaryň arasynda goçak hum, tutary uly, agzy dar, abat keramiki küýze, dokma guralynyň bölekleri, bürünç, demir we daş enjamlar bar. XI-XII asyrlara degişli haly dokalanda ulanylýan keser hem bellenilmäge mynasypdyr. Keramiki we daş önümler, aýna gaplar, monjuklar we gündelik durmuşda ulanylan zatlar häzirki Baýramaly şäheriniň eteginde ýerleşýän teýmirler eýýämyna degişli Abdylla han şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagty tapyldy.
Gadymy hytaý farforlaryna meňzedilen käseler orta asyr Amul senetçileriniň ussatlygynyň ýokary bolandygyna şaýatlyk edýär: bu ýerden gök-mawy reňkli keramik gap, şol reňkli plita bölekleri, her dürli demir we aýna önümleri tapyldy. Täze eksponatlar Türkmenistanyň taryhynyň entek az öwrenilen ugurlaryny görkezdi we welaýat muzeýleriniň ylmy işgärlerine olary öwrenmäge, olaryň ornuny hem gadymky pederlerimiziň maddy medeniýetdäki hwe sungatdaky ähmiýetini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Barlagçylar keramikanyň, gliptikanyň hem-de demiri işlemegiň dowamatlylygyny yzarlamakda diňe bir Merkezi Aziýanyň taryhy we arheologiýasy babatda bilimlerini ulanman, eýsem bu gadymy senetleriň öz döwrüniň çeperçilik hem-de durmuş düzümlerine goşulyşy, olaryň Beýik Ýüpek ýolunyň Amul, Merw, Daňdanakan, Abiwerd, Nusaý we başga-da ençeme belli şäherleriniň gündelik durmuşynda eýelän orny barada sowala jogap bermeli hem bolarlar.
DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)

Bu xəbər oxucular tərəfindən 545 dəfə izlənilmişdir!
Yahoo | |||||||
Del.icio.us | Digg | StumbleUpon | FriendFeed |