Şrift:
Diýarymyzyň sebitlerinde täze jaýlar açyldy
29.01.2020 [13:42] - Türk dünyası-Turan
Watan goragçylarynyň gününde Amyderýanyň boýundaky şäherde Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň gatnaşan dabarasynyň barşynda döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler. Işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Saýat, Hojambaz we Döwletli etraplarynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň etrap bölümleriniň işgärleri üçin edara jaýlarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy boldy.
Täze jaýlara göçüp gelenler president ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň we işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Çykyş edenler milli Liderimizi geljekde hem mähriban halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek babatda öz mukaddes borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

DAVAM.AZ
Bu xəbər oxucular tərəfindən 491 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed