16.02.2020 [10:12] - Türk dünyası-Turan
Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda «Rus gyşy» konsertiniň premýerasy boldy, sazlary Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri we Türkmenistanyň at gazanan artisti, pianinoçy Wladimir Mkrtumow ýerine ýetirdiler.
Orkestriň sazandalary Pýotr Çaýkowskiniň 1-nji simfoniýasynyň joşgunly saz frazalary bilen rus gyşynyň şahyranalygyny şirin owazlarda beýan etdiler. Ussadyň dirižýor taýajygy howany böwsüp herekete gelenden tomaşaçylaryň ünsi ak garly gözel Gyş paslynyň mekanyna rowana boldy. Pýotr Çaýkowskiniň Peterburg konserwatoriýasyny tamamlandan soň ýazan 1-nji simfoniýasy bir-birinden saýry birnäçe bölümden ybaratdyr. Ol gar basan uç-gyraksyz düzlere syýahatdan galan täsirlerden dörän Gyşa bagyşlanma bilen açylýar, kanitel skripka frazalary seni diňe garjagazlaryň mymyk şyggyldysy bozýan şaňlap duran aýazly ümsümlige atarýar. Üflenip çalynýan we kirişli saz gurallarynyň sazlaşykly owazy seni meýmiredýär. Juw-ak gözellige syn etmek höwesiniň ornuna gussaly pursatlar gelýär, goboýyň, fleýtanyň, fagoryň jilweli sesi ýaňlanýar. Aldajy sowuk bolsa-da, Russiýa gyşy şadyýan baýramlary geçirmäge päsgel berip bilmeýär, eseriň finalynda sazyň depgini ýene üýtgeýär – şadyýan-gussaly kontrast sesler, halk aýdymlarynyň äheňi we näzijek jaňjagazlaryň sesi gelýär. Konsertiň ikinji bölüminde Türkmenistanyň simfoniki orkestri ilkinji gezek Sergeý Rahmaninowyň Paganininiň temasyna rapsodiýasyny ýerine ýetirdi. «Orkestrimiz nusgawy sazlar bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Sergeý Rahmaninowyň Paganininiň temasyna rapsodiýasy – taýýarlykly diňleýjä niýetlenen öte çylşyrymly eser bolsa-da, biz ony biraz ýeňletmek üçin elde baryny etdik» -diýip dirižýor Resul Gylyjow gürrüň berdi. Ine, uzak garaşdyran pursadam gelip ýetdi. Sahnada -- orkestriň sazandalary, roýalyň başynda – Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, dirižýor pultunyň başynda – Resul Gylyjow. Dirižýor taýajygyny galgandan çeper saz allýuziýalary ýaňlanyp ugrady... Nepis fortepiano passažlary we ussat sazanda Mkrtumowyň intonasiýlara baý sazandarlyk tilsimi diňleýjileri berk ritmleridir frazalaryň şahyrana göwrümliligi bilen utgaşygy nygtap, eýýamlar ummanyna atardy. Kompozitor wariasiýlar görnüşinde ýazan eseriniň temasy hökmünde Nikkolo Paganininiň belli Skripka üçn 24-nji kaprisini saýlap, italýan kompozitorynyň we ussat skripkaçysynyň saz genisine garaýşyny beýan edipdir. Rapsodiýanyň labyzly gurluşy romantizm eýýamynyň we jaz elementleri bolan täze döwrüň akymlarynyň sazdaky sintezine daýanýar. Nikkolo Paganininiň eseri Rahmaninowa şeýle bir güýçli täsir edipdir welin, ol şol bir temany birnäçe wariasiýalarda açyp görkezýär. Eser filosofiki oýlanmalara we üýtgeşik ýerine ýetirijik estetikasynda jemlenen garşylykly duýgylara ýugrulandyr. Diňleýjiler genial rus kompozitorlarynyň ajaýyp
DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)

Bu xəbər oxucular tərəfindən 551 dəfə izlənilmişdir!
Yahoo | |||||||
Del.icio.us | Digg | StumbleUpon | FriendFeed |