Şrift:
Bir konsertde ussat sazandalaryň üçüsi çykyş ederler
20.12.2019 [14:00] - Türk dünyası-Turan
21-nji dekabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda «Nusgawy sazlar bilen täze duşuşyk» atly konsert bolar. Nusgawy sazlaryň muşdaklarynyň öňünde ussat sazandalar, halkara bäsleşikleriniň laureatlary, TMK-nyň mugallymlary – pianinoçy Bahar Annadurdyýewa, skripkaçy Bahram Dolyýew we altçy Tahyr Ataýew dagy çykyş ederler. Saz agşamynda barokko akymynyň genial kompozitory Iogann Sebasýan Bahyň, romantizm ýörelgesiniň ajaýyp wekilleri Genrik Wenýawskiniň, Anri Wýotanyň, Pýotr Çaýkowskiniň, Jorje Eneskunyň eserleri ýerine ýetiriler. Seýle hem döwürdeşimiz – kompozitor, pianinoçy, halypa, «Dutaryň owazy» atly türkmen nusgawy sazlarynyň Moskwa halkara festiwalynyň art-direktory Mämmet Guseýnowyň eserleri-de çalnar.
Adyndan görnüşi ýaly, konsertde dürli döwürleriň nusgawy sazlary täzeçe ýerine ýetiriler. Ýaş hem bolsa eýýäm özüni ussat hökmünde tanadan sazandalaryň bize owazlaryň sazlaşygy, stilistik özboluşlylyk we sazandarlyk estetikasy älemine ýatdan çykmajak syýanat peşgeş etjekdiklerine şübhe ýokdur.

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)
Bu xəbər oxucular tərəfindən 506 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed